Oýun sanawy

Zaha Hadid Architects studiýasy «Ak şäherim Aşgabat» halkara maslahatyna gatnaşar

11 Maý. 11:17

Çeşme

2026-njy ýylyň 24 — 25-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisine we maslahatyna dünýä belli Zaha Hadid Architects (ZHA) studiýasy gatnaşar. «Binagärlik. Innowasiýa. Durnukly ösüş» şygary astynda geçiriljek bu ýubileý çäresi döwrebap şäher infrastrukturasyny we «Aşgabat 2045» ösüş maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň 25 ýurdundan 100-den gowrak kompaniýany we 500-den gowrak wekili bir ýere jemlär.

ZHA-nyň gatnaşmagy foruma aýratyn halkara ähmiýetini berýär. Pritzker baýragynyň eýesi Zaha Hadid tarapyndan esaslandyrylan bu studiýa innowasion dizaýnlary we batyrgaý inženerçilik çözgütleri bilen tanalýar. Kompaniýanyň Dubaýdaky «The Opus», Şarjadaky «BEEAH» ştab-kwartirasy we Özbegistandaky Alişer Nowaýy adyndaky halkara ylmy-barlag merkezi ýaly taslamalary milli medeniýeti döwrebap binagärlik bilen utgaşdyrmagyň kämil nusgalarydyr.

Maslahatyň çäginde durnukly şäher gurluşygy, sanly çözgütler we maýa goýum başlangyçlary boýunça hünär derejesinde pikir alyşmalar bolar. ZHA-nyň wekilleri özleriniň global tejribelerini paýlaşyp, geljegiň binagärlik dizaýnlarynyň şäher ösüşine edýän täsiri barada çykyş ederler. Çärä gatnaşmak üçin hasaba alyş 2026-njy ýylyň 17-nji maýyna çenli dowam edýär.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.