Oýun sanawy

Türkmenistanyň DIM ýolbaşçysy Dohadaky adatdan daşary duşuşyklara gatnaşýar

15 Sen. 12:03

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Kataryň paýtagty Dohada iş saparynda bolup, Arap döwletleriniň ligasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň adatdan daşary duşuşygyna, şeýle-de arap-yslam sammitine gatnaşýar.

Türkmenistanyň DIM-i tarapyndan berlen maglumata görä, Aşgabat sebitde bolup geçýän ýagdaýlara degişli öz resmi pozisiýasyny beýan etdi. Türkmen tarapy halkara gapma-garşylyklary güýç ulanyp çözmegiň kabul ederliksizdigini belläp, munuň BMG-niň Tertipnamasyna we halkara hukugynyň umumy kadalaryna ters gelýändigini nygtady.

Saparyň çäginde Raşid Meredow Kataryň Premýer-ministri we daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdurrahman Al Tani bilen duşuşyk geçirdi. Ol duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowdan we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowdan gutlaglar we salamlar ýetirildi.

Duşuşykda syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ugurlar boýunça türkmen-katar gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.