Oýun sanawy


Türkmen we pakistanly zenan parlamentarileriň wideoaragatnaşyk duşuşygy geçirildi
06 Mart. 10:015-nji martda Türkmenistanyň Mejlisinde Pakistan Yslam Respublikasynyň zenan parlamentarileri bilen onlaýn gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar parlament diplomatiýasynyň ähmiýeti, hususan-da, halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. Pakistanyň wekilleri Türkmenistanyň döwlet dolandyryşynda we kanunçykaryjylyk edaralarynda zenanlaryň eýeleýän ýokary ornuna, şeýle hem ýurtda gender deňligini üpjün etmekde gazanylan üstünliklere ýokary baha berdiler. Gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň ýaş we zenan deputatlarynyň arasynda yzygiderli tejribe alyşmak we dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.
Şeýle hem okanyň