Oýun sanawy
2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow resmi sapar bilen Gruziýada boldy. Saparyň çäklerinde ol Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kavelashwili bilen duşuşdy.
Duşuşykda ýurtlaryň arasynda syýasy gepleşikleriň dowam etdirilmegi, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýokary derejeli yzygiderli duşuşyklaryň strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrýandygyny nygtadylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan iberilen gutlaglar we mähirli arzuwlar Gruziýanyň Prezidentine ýetirildi.
Taraplar BMG-niň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň özara goldanylýandygyny, şeýle hem Gruziýanyň Prezidenti Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň dünýä parahatçylygyna goşant goşýandygyny aýratyn belläp geçdi.
Şol gün Raşid Meredow Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobakhidze bilen hem duşuşdy. Söhbetdeşlikde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem BMG ýaly köptaraplaýyn guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi.
Premýer-ministr şu ýyl Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşyklarynyň netijeliligine ýokary baha berip, olaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berendigini aýtdy.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.
Şeýle hem okanyň