Oýun sanawy


BAE-nyň ilçihanasy diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna bagyşlanyp CrossFit ýaryşyny gurnaýar
20 Sen. 06:23Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygynyň hormatyna “Fitness Games” atly emirlik-türkmen CrossFit ýaryşy geçiriler. Ýaryş 4-nji oktýabrda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň ýapyk ýeňil atletika sport meýdançasynda geçiriler.
Ýaryşa Türkmen raýatlaryndan we Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatlaryndan düzülen erkekler we zenanlar toparlary gatnaşyp bilerler.
Hasaba alyş 2025-nji ýylyň 18-nji sentýabryna çenli dowam edýär we “Lotus” hem-de “Gorogly” sport zallarynda amala aşyrylýar.
Ýeňijiler BAE-niň ilçihanasy tarapyndan gymmatly baýraklar we sowgatlar bilen sylaglanar. Tomaşaçylar üçin giriş mugt, şeýle-de lotereýa arkaly baýraklar paýlanar.
Şeýle hem okanyň


«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy
Bugün 05:10Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.
Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.
Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.
Şeýle hem okanyň