Oýun sanawy

Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

31 Ýan. 13:40

Reuters agentliginiň habaryna görä, SpaceX Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bilen, mysal üçin xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini öwrenýär. Gepleşikler şu ýyla ilkinji gezek köpçülige hödürlenjek paýnamalara taýýarlyk görülýän wagty amala aşyrylýar.

Raketa öndüriji xAI bilen birleşmek ähtimallygyny seljerýär. Ýagdaýdan habarly çeşmeler we düzgünleşdiriji edaralara hödürlenen resminamalar şertnama baglaşylanda SpaceX raketalary, Starlink ulgamy, X sosial ulgamy we Grok çat-boty bir düzümiň aşagynda jemlenip biljekdigini görkezýär. Şertnama, bahasy we möhletleri açyk bildirilmeýär.

Munuň bilen bir hatarda, SpaceX Maskyň eýeçiligindäki elektromobil öndürijisi Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini hem öwrenýär. Deepwater Asset Management maýadar kompaniýasynyň dolandyryjy hyzmatdaşy we Tesla paýdary Jin Münster: «Meniň pikirimçe, xAI ahyrynda şu iki kompaniýanyň biriniň elinde bolar» diýip belledi.

Polymarket seljeriş merkezi, ýylyň ortasyna çenli SpaceX bilen xAI birleşmeginiň ähtimallygyny 48%, Tesla bilen birleşmeginiň ähtimallygyny 16% diýip hasaplaýar. Mask, SpaceX, xAI we Tesla bu barada resmi teswir bermedi. Tesla-nyň paýnamalary birža daşyndaky söwdalarda 3% ýokarlandy.

Bu waka Turkmenistanda hem uly gyzyklanma döredýär, sebäbi ýurt ilaty dünýäniň tehnologiýa trendlerini we Ilon Maskyň global taslamalaryny üns bilen yzarlaýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌