Oýun sanawy

Ýewropada rekord: her altynjy ýaşaýjy migrant bolup çykdy

23 Aprel. 09:53

Çeşme

Ýewropa Bileleşiginde daşary ýurtlardan göçüp gelenleriň sany taryhyň iň ýokary derejesine ýetdi. «Rockwool» gaznasynyň täze hasabatyna görä, häzirki wagtda ÝB ýurtlarynda 64 million migrant ýaşaýar. Bu görkeziji sebitiň umumy ilatynyň 15 göterimine deňdir, ýagny Ýewropanyň her altynjy ýaşaýjysy asly başga ýurtly bolan adamlardan ybaratdyr. Bu ýagdaý sebitiň demografik we durmuş-ykdysady keşbiniň düýpli özgerýändigini görkezýär.

Soňky 15 ýylyň dowamynda migrantlaryň sany yzygiderli artyp gelýär. Diňe 2025-nji ýylyň özünde Ýewropa 2,1 million adam göçüp bardy. 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende bolsa, gelmişekleriň sany 20 million adam köpeldi. Göçüp gelenler, esasan, ykdysady taýdan ösen Germaniýa, Fransiýa we Italiýa ýaly ýurtlara ymtylýarlar. Emma migrantlaryň sanynyň ösüş depgini boýunça Ispaniýa häzirki wagtda Ýewropada birinji orunda durýar.

Migrantlaryň ilatyň düzümindäki paýy ýurtlara görä üýtgeýär. Lýuksemburgda bu görkeziji 50 göterimden geçýän bolsa, Malta we Kipr ýaly adaly döwletlerde ilatyň üçden bir bölegini gelmişekler düzýär. Gündogar Ýewropa ýurtlary bolan Slowakiýa, Bolgariýa we Polşa bolsa migrantlaryň iň az barýan ugurlary hökmünde galýar. Bu deňsizlik Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleriniň arasynda dürli durmuş we ykdysady şertleriň emele gelmegine sebäp bolýar.

Ýewrostat edarasynyň çaklamalaryna görä, 2100-nji ýyla çenli Ýewropanyň ýerli ilaty 53 million adam (11,7%) azalar. Şeýle şertlerde migratsiýa pudagy işçi güýjüni saklamak we ykdysady durnuklylygy üpjün etmek üçin esasy gural hökmünde garalýar. Häzirki rekord derejeler Ýewropanyň öz demografik krizisini migrantlaryň hasabyna çözmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌