Oýun sanawy

Türkmen okuwçylary Hindistanda halkara intellektual bäsleşiginde uly üstünlik gazandylar

01 Iýun. 04:03

Çeşme

Hindistanyň Noida şäherindäki Amity uniwersitetiniň binýadynda ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika we bilim olimpiadasy türkmen ýaşlarynyň ýokary taýýarlyk derejesini ýene bir gezek subut etdi. 25 — 30-njy maý aralygynda dowam eden bu bäsleşikde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary dürli dersler boýunça özara bäsleşip, birnäçe altyn, kümüş we bürünç medallary eýelemegi başardylar.

Milli ýygyndy toparymyzyň wekilleri matematika, fizika we himiýa dersleri boýunça nazary hem-de tejribe (barlaghana) tapgyrlarynda çykyş etdiler. Matematika ugry boýunça Aşgabat şäherindäki 6-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Muhammetmyrat Muhammedow altyn medala mynasyp boldy. Şonuň ýaly-da, fizika dersinde 79-njy orta mekdebiň okuwçysy Mehdi Şemmiýew hem ýokary netije görkezip, altyn medal gazandy.

Himiýa we beýleki tebigy bilimler boýunça bäsleşiklerde hem türkmen okuwçylary tapawutlandylar. 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Halylmyrat Gurbanmyradow altyn we kümüş medallara, 86-njy mekdebiniň wekilleri Şatlyk Jumageldiýew kümüş hem-de bürünç medallara, Ýakup Nuryýew bolsa bürünç medala eýe boldular. Bu üstünlikler türkmen bilim ulgamynyň dünýä derejesindäki abraýynyň görkezijisidir.

Ýaş zehinleriň halkara derejesindäki bu bäsleşige taýýarlyk işleri «Gujurly Bilim Merkeziniň» tejribeli mugallymlary Dörtguly Gylyjow we Meretguly Gurbanowyň ýolbaşçylygynda amala aşyryldy. Okuwçylaryň gazanan bu ýeňişleri ýurtda ýaş nesliň ylym-bilim ugrundaky ymtylyşlarynyň döwlet derejesinde goldanylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌