Oýun sanawy

Türkmenistanyň wekiliýeti MAGATE-niň Baş konferensiýasynyň mejlisine gatnaşdy

19 Sen. 11:50

Çeşme

15–19-njy sentýabr aralygynda Wenada geçirilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň 69-njy Baş konferensiýasynyň nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti AÝA bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny belläp geçdi we iýmit howpsuzlygy, suw serişdelerini dolandyrmak hem-de saglygy goraýyş ulgamlary boýunça meýilleşdirilýän taslamalar bilen tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

16-njy sentýabrda bolsa türkmen wekiliýeti MAGATE-niň geçirýän Ylym forumyna gatnaşdy. Forum suw serişdelerini dolandyrmakda ýadro we izotop tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna bagyşlandy.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.