Oýun sanawy


Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirliginiň (UNOPS) Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň direktory Simonetta Siligato bilen resmi duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň halkara guramalar, aýratyn-da UNOPS bilen ýola goýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler we birnäçe ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini aýratyn bellediler.
Duşuşygyň esasyny dünýäniň öňümizdäki ýyllardaky iň möhüm meseleleriniň biri bolan howa gün tertibi we parnik gazlarynyň, hususan-da, metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen ekologik maksatnamalary durmuşa geçirmek meseleleri gurady. Taraplar bilelikdäki taslamalary durnukly esasda alyp barmak maksady bilen, 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça bilelikdäki maksatnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň anyk ugurlaryny kesgitlediler.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan halkara wezipeleri we borçlary doly hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek boýunça özara hyzmatdaşlygyň täze gurallaryna seredildi. Şunda ugurdaş döwlet edaralarynyň we halkara bilermenleriň derejesindäki gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge, ekologik howpsuzlygy üpjün etmekde bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga taraplaryň doly taýýardyklary we uly gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar howa üýtgemeleri we durnukly ösüş babatda sebit hem-de halkara başlangyçlaryň çäklerinde netijeli dialogy yzygiderli dowam etdirmek barada ylalaşdylar. Bu duşuşyk Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we «ýaşyl ykdysadyýet» ýörelgelerini ornaşdyrmak ugrunda halkara giňişlikde alyp barýan ekologiýa diplomatiýasynyň nobatdaky möhüm ädimine öwrüldi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.