Oýun sanawy

Paýtagtymyzda ýokary derejeli türkmen-azerbaýjan duşuşygy geçirildi

22 Maý. 10:56

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowy kabul etdi. Bu duşuşyk iki goňşy döwletiň arasyndaky syýasy-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemegiň çäklerinde guraldy.

Gepleşikleriň dowamynda azerbaýjanly belent mertebeli myhman öz ýurdunyň Baştutany Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjanyň Prezidentine özüniň salamyny we doganlyk halka parahatçylyk baradaky arzuwlaryny ýollady hem-de bu gatnaşyklaryň geljegine uly ynam bildirdi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy dialogyň häzirki ýokary derejesine aýratyn üns berdiler. Özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň halkara giňişliginde, şonuň ýaly-da sebit we global derejelerdäki wajyp meselelerde garaýyşlaryň meňzeşdigi bilen şertlendirilýändigi bellenildi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik ugurlaryna seredip, söwda, maýa goýumlary, ulag-üstaşyr we energetika pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň wajypdygyny nygtadylar. Taraplar iki doganlyk döwletiň ykdysady kuwwatyny netijeli ulanmak arkaly hünär derejesindäki gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.