Oýun sanawy


Türkmenistanyň Prezidenti ilatyň elektrik, gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy
03 Few. 08:45Türkmenistan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýewiň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, maslahatda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler giňişleýin seljerildi.
Welaýat häkimleri häzirki döwürde dowam edýän oba hojalyk çäreleri barada hasabat berdiler. Hasabatlara görä, Türkmenistanda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyk ideg işleri, şol sanda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk işleri bolsa soňky tapgyra ýetip, sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek we topragy gurplandyrmak çäreleri alnyp barylýar. Şeýle-de daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek, oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak we möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen ýerler we tohumlar taýýarlanylýar. Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnamak we gaýtadan işlemek boýunça çäreler güýçlendirilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň welaýatlarynda ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň we durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň ýagdaýy, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki talaplara laýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýratyn belledi. Ol gowaça we bugdaý öndürijileri üçin ýokary hilli tohumlaryň elýeterli bolmagyny, tehnikalaryň doly taýýarlanmagyny, suw hojalyk çäreleriniň talabalaýyk geçirilmegini tabşyrdy. Şeýle-de hyzmat ediji edara-kärhanalaryň oba hojalyk öndürijileri bilen hasaplaşyklarynyň wagtynda ýerine ýetirilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi buýurdy.
Şunuň bilen birlikde, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjünçiligini hemişelik gözegçilikde saklamak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem okanyň