Oýun sanawy


Aziýanyň merjeni bütindünýä üns merkezinde: Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlady
25 Maý. 05:03Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow eziz watandaşlaryny paýtagtymyzyň şanly baýramy — Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda ak mermerli paýtagtymyzyň bütin dünýäde dostlugyň, parahatçylygyň we myhmansöýerligiň nusgalyk nusgasy hökmünde ykrar edilýändigini aýratyn belledi. Şeýle hem, bu gözel baýramyň ýurdumyzyň orta mekdeplerinde guralýan «Soňky jaň» dabaralary bilen utgaşyp gelmeginiň ýaş nesillerimize we Watanymyza bolan çäksiz söýginiň aýdyň nyşanydygy nygtaldy.
Häzirki wagtda Aşgabat şäheri diňe bir sebitiň däl, eýsem, dünýäniň iň iri diplomatik, medeni we ykdysady merkezleriniň birine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň hut şu ýerde ýerleşmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanmasydyr. Paýtagtymyzyň ÝUNESKO-nyň «Dizaýn» ugry boýunça döredijilik şäherleriniň toruna hem-de Bütindünýä syýahatçylyk şäherleriniň federasiýasyna agza kabul edilmegi onuň halkara abraýyny has-da belende göterýär.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň häzirki binagärlik keşbiniň we gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň miwesidigini aýratyn belledi. Ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giren paýtagtymyzyň çäklerinde häzirki döwürde-de döwrebap binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy batly depginlerde dowam etdirilýär. Döwletimiz tarapyndan Aşgabady dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ösdürmek işleri geljekde hem yzygiderli alnyp barlar.
Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklaryň we ak arzuwlaryň şäherine öwrülen gözel paýtagtymyzyň baýramy mynasybetli halkymyza ýene-de bir gezek iň gowy arzuwlaryny ýollady. Döwlet Baştutanymyz ähli watandaşlarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny hem-de eziz Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.