Oýun sanawy


Moldowada meşhur türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň hatyrasy belent tutuldy
02 Maý. 13:22Moldowa Respublikasynyň Aneniý-Noý raýonynyň Delakeu obasynda görnükli türkmen ýazyjysy we gahryman esger Nurmyrat Saryhanowyň hatyrasyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekilleri, ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik işgärleri we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar 1944-nji ýylyň maý aýynda Moldowanyň topraklaryny faşistik basybalyjylardan azat etmek ugrundaky söweşlerde gurban bolan ýazyjynyň edermenligini ýatladylar.
«Şükür bagşy» we «Kitap» ýaly ölmez-ýitmez eserleriň awtory bolan Nurmyrat Saryhanow türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy. 2026-njy ýylda nusgawy ýazyjynyň doglan gününiň 120 ýyllygy bellenilýär. Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda dünýä inen ýazyjynyň durmuş we döredijilik ýoly halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we umumy taryhy gymmatlyklaryň nyşanyna öwrüldi. Onuň hatyrasyna geçirilýän bu çäreler iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berkdigini görkezýär.
Delakeu obasyndaky doganlyk guburynyň ýerleşýän ýerindäki ýadygärlik toplumy Türkmenistanyň başlangyjy bilen düýpli abatlandy we döwrebaplaşdyryldy. Bu taslama Moldowanyň döwlet ýolbaşçylarynyň goldamagynda we türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyryldy. Täzelenen ýadygärlik toplumy 2017-nji ýylda uly dabaralar bilen açylyp, şol wagtda iki ýurduň resmi wekilleriniň gatnaşmagy bu ýere goýulýan sarpanyň döwlet derejesindäki ähmiýetini tassyklady.
Ýadygärligiň töregeregine ýygnananlar Nurmyrat Saryhanowyň hem galamy, hem ýaragy bilen bitiren hyzmatlarynyň geljekki nesiller üçin uly görelde mekdebidigini bellediler. Ýatlama dabarasy diňe bir taryhy wakany ýatlamak däl, eýsem halklaryň arasyndaky parahatçylygy we agzybirligi dabaralandyrmaga gönükdirilen çärä öwrüldi. Nusgawy ýazyjynyň hatyrasy Moldowa topragynda hemişe belent tutulýar we taryhyň sahypalarynda ebedi saklanýar.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.