Oýun sanawy


Aşgabatda «Startup World Cup 2026» bäsleşiginiň milli saýlama tapgyry geçiriler
14 Sen. 14:2619-njy sentýabrda Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň «Bilelik Hub» zalynda «Startup World Cup 2026» halkara bäsleşiginiň Türkmenistan boýunça saýlama tapgyry geçiriler. Bäsleşikde deslapdan saýlanyp alnan 12 sany milli startap topary öz innowasion taslamalaryny iňlis dilinde eminler toparyna tanyşdyrarlar. Bu barada Orient neşiri habar berýär.
Bu abraýly halkara ýaryşy «Pegasus Tech Ventures» wençur gaznasy tarapyndan guralýar, milli saýlama tapgyryny bolsa «StartUp Academy» akseleratory amala aşyrýar. Ýeňiji bolan startap 2026-njy ýylyň 4–6-njy noýabrynda San-Fransisko şäherinde geçiriljek bäsleşigiň uly finalyna gatnaşmaga hem-de 1 million dollar möçberindäki baş baýrak ugrunda bäsleşmäge hukuk kazanar.
Aşgabatdaky çärede amala aşyryljak pitç-çykyşlara täjirçilik maýadarlaryndan we telekeçilerden ybarat bolan eminler baha berer. Bäsleşigiň açylyş dabarasynda amerikan telekeçisi hamana «Pegasus Tech Ventures» gaznasynyň hyzmatdaşy Bill Raýhert hem gutlag sözi bilen çykyş eder.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.