Oýun sanawy

Halkara aýdym-saz bäsleşigi Silk Way Star 22-nji noýabrda ýeňijisini yglan eder

11 Noý. 09:44

Çeşme

Silk Way Star atly halkara aýdym-saz bäsleşiginiň guramaçylary 22-nji noýabrda geçiriljek ahyrky tapgyrynyň senesini mälim etdiler. 12 döwletiň iň zehinli aýdymçylaryny birleşdiren bu taslama «Aziýanyň esasy wokalisti» adynyň eýesini kesgitleýär.

Bu möwsümde bäsleşige Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan, şeýle hem Malaýziýa we Koreýa Respublikasyndan çykyş edýän aýdymçylar gatnaşýarlar.

Final tapgyrynyň esasy aýratynlygy — diňleýjileriň ýeňijiniň saýlanmagyna gatnaşyp bilmegi bolar. Jemleýji çykyş güni tomaşaçylar Silk Way Star-yň resmi saýty arkaly öz halaýan çykyşyna ses berip bilerler.

Bu baýramçylykly finalyň göni efir arkaly görkezilişi 22-nji noýabrda, sagat 20:00-da ýerli wagt bilen Jibek Joly teleýaýlymynda başlanar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌