Oýun sanawy
Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde çaga harytlary önümçiligini, bilimi, döredijilik we sport ugurlaryny, şeýle hem maşgala dynç alyşyny jemleýän «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy dabaraly döküldy. Şeýle giň gerimli çäräniň meýdany 8 müň inedördül metre golaý bolup, sergi günlerinde bu ýere 10 müňden gowrak adamyň gelmegine garaşylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara we myhmanlara baýramçylyk Gutlagyny ýollady. Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda: «Bu iri möçberli sergi-ýarmarka ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çagalar üçin harytlardyr hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryna, bilim edaralaryna, halkara guramalara öz döwrebap önümlerini we hyzmatlaryny, häzirki zaman gazananlaryny hem-de geljekki ösüş ugurlaryny görkezmäge mümkinçilik döreder» diýip aýratyn belledi.
Serginiň esasy mazmuny täze doglan çagalar üçin harytlardan, öwrediji innowasion tehnologiýalardan, ekologik taýdan arassa önümlerden, çaga modasyndan, edebiýatdan we sport ugurlaryndan ybaratdyr. Şeýle-de myhmanlar üçin Küşt mekdepleriniň bütindünýä federasiýasynyň amaly sapaklary, hünärler şäherçesi, STEM-ylmy zolagy, planetariý, çaga zehinleri we Art-zolagy ýaly köpsanly interaktiw meýdançalar işleýär.
Halkara sergi-ýarmarka 2026-njy ýylyň 19 — 22-nji awgusty aralygynda Çandybil şaýolunyň 143-nji salgysynda (Söwda-senagat edarasynyň binasynda) geçirilýär. Iş tertibi: 19–21-nji awgustda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli, 22-nji awgustda bolsa sagat 09:00-dan 13:00-a çenli.
Sergi merkezine girmek üçin şäher içindäki № 35, 54, 56, 57, 58, 103 we 121-nji ugurly awtobus gatnawlaryndan peýdalanmak bolýar.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.