Oýun sanawy

Aşgabadyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan sergi açyldy

19 Iýun. 10:35

Çeşme

Ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan täze döredijilik sergisi açyldy. Bu çäre her ýylyň iýun aýynyň ahyrynda bellenilýän hünär baýramçylygynyň çäklerinde guralyp, tomaşaçylara türkmen medeniýetiniň taryhynda öçmejek yz galdyran şahsyýetleriň kämil keşplerini açyp görkezýär.

Medeniýet ministrliginiň resmi habaryna görä, ekspozisiyanyň esasyny ýurdumyzyň meşhur nakgaşlary tarapyndan döredilen görnükli kompozitorlaryň, bagşylaryň we ýazyjylaryň portretleri tutýar. Sergide taryhy şahsyýetleriň we saz ussatlarynyň keşplerini janlandyrýan unikal işler ýerleşdirildi. Olaryň arasynda Ýakup Annanurowyň, Çary Amangeldiýewiň, Aman Amangeldiýewiň we Nyýazmyrat Dowodowyň taryhy gahrymanlaryň hem-de belli sazandalaryň obrazlaryny suratlandyrýan eserleri aýratyn orun eýeleýär.

Şeýle hem, zallarda Saparmämmet Meredowyň we Iwan Ilýiniň milli sungatyň düýbüni tutujylara hem-de nusgawy şahyrlara bagyşlan reňkli suratlary, Ahmet Hallyýewiň bolsa edebiýatymyzyň taryhy şahsyýetleriniň pelsepewi gatnaşyklaryny beýan edýän taslamalary köpçülige hödürlenildi. Bu gymmatlyklar taryhy dowamatlylygy we türkmen halkynyň ruhy mirasynyň baýlygyny açyp görkezýän esasy gural bolup hyzmat edýär.

Halkara we sebit derejesindäki çäreleriň dowamy hökmünde, ýurt Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, nobatdaky Medeniýet hepdeligi badalga alýar. Bu gezekki giň gerimli medeni forum Balkan welaýatynyň çäklerinde geçiriler hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinden geljek döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda dowam eder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌