Oýun sanawy


Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş Instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny 14-nji noýabrda geçiriljek II Açyk Halkara internet-olimpiadasyna («Maliýe» ugry boýunça) gatnaşmaga çagyrýar.
«Türkmenistanyň Altyn asyry» saýtynyň habaryna görä, dürli ugurlarda okaýan ähli gyzyklanýan talyplar gatnaşyp bilerler. Her ýokary okuw mekdebinden dört talypdan köp bolmaly däldir.
Bäsleşik individual görnüşde geçiriler. Olimpiadanyň resmi dilleri — türkmen, rus we iňlis.
Ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar. Ähli alty tapgyry üstünlikli ýerine ýetirip, ýeňijiler hataryna girmediklere hormat hatlary berler.
Isleg bildirýänler 10-njy noýabra çenli öz maglumatlaryny institutyň resmi sahypasynda ýerleşdirilen forma laýyklykda şu e-poçta salgylarynyň birine ibermelidirler: tsiem.olymp@gmail.com ýa-da tsiem.muhanow@gmail.com.
Giňişleýin maglumat almak üçin institutyň saýtyna, görkezilen e-poçta salgylaryna ýa-da şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: +993 12 48 62 73, +993 62 03 59 90.
Şeýle hem okanyň


Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi
Bugün 08:31Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.
Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.
Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.
Şeýle hem okanyň