Oýun sanawy


2025-nji ýylyň netijelerine laýyklykda, Samsung kompaniýasy Ýaponiýada Android smartfonlaryň bölek satuwy boýunça öňdebaryjy orny eýeledi. Bu maglumatlar iri elektronika dükanlarynyň kassa ulgamlaryndan hem-de ýurduň öňdebaryjy onlaýn satyjylarynyň seljeriş hasabatlaryndan alyndy.
Uzak wagtlap Ýaponiýanyň Android bazarynda Sony esasy öndüriji bolup gelýärdi, emma soňky ýyllarda onuň bazardaky paýy ep-esli pese gaçdy. Ilki bilen Google we Samsung öňe geçdi, 2025-nji ýylda bolsa Samsung Android enjamlarynyň arasynda doly lider boldy. Kompaniýanyň dürli nyrh derejelerinde hödürleýän giň model hatary ýapon alyjylarynyň arasynda uly isleg gazandy.
Býujet we orta nyrhly modelleriň arasynda Galaxy A25 we Galaxy A36 ýokary satuw görkezijilerini üpjün etdi. Flagman smartfonlardan Galaxy S23, Galaxy S24, Galaxy S24 Ultra we Galaxy S24 FE aýratyn meşhur boldy. Täze nesil flagmanlar — Galaxy S25 we Galaxy S25 Ultra hem iň köp satylýan modelleriň hataryna girdi. Eplenýän smartfonlar bazarynda bolsa Galaxy Z Flip 6 we 7, şeýle hem Galaxy Z Fold 6 we 7 modellere aýratyn gyzyklanma bildirildi.
Şol bir wagtyň özünde, Ýaponiýanyň umumy smartfon bazarynda Apple öňdebaryjylygyny saklap galýar we satuwlaryň 60 göterimden gowragyna gözegçilik edýär. Dünýä bazarlaryndaky bu ösüşler, şol sanda Turkmenistanyň hem halkara tehnologiýa ugurlaryny seljermekde möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle hem okanyň