Oýun sanawy


Halkara sergi - jan saglygy meselesinde maslahat almagyň ygtybarly meýdançasy
09 Okt. 08:17Jan Saglyk meselesinde iň ýokary derejeli halkara lukmalaryndan mugt we iň peýdaly maslahatlary almak isleýärsiňizmi? Onda siziň ähliňizi Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynda 10 – 12-nji oktýabr aralygynda geçiriljek halkara sergä çagyrýarys!
Bu sergä özüniň diwarlygy bilen Fly to doctor atly halkara hyzmatlar kompaniýasy we Ýörite myhman hökmünde Hindistanyň meşhur lukmany, GD Healthcare private Limited kompaniýasynyň direktory Şiwam Singh hem gatnaşar. Sergide siz bu lukman bilen tanyşmaga, maslahatlaşmaga şeýle hem islendik saglyk näsazlygy meselesi boýunça dünýä ýüzünden dogry hassanhanany, lukmanlary tapmaga kömek berýän Fly to doctor kompaniýasynyň işi bilen tanyşmaga mümkinçilik alarsyňyz! Bu ajaýyp mümkinçiligi elden gidirmäň!
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.
Şeýle hem okanyň