Oýun sanawy


Türkmenistanda adaty hytaý lukmançylygy boýunça täze merkeziň binýady tutulýar
16 Aprel. 05:33Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Pekiniň adaty hytaý lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri bilen resmi duşuşyk geçirildi. Hytaý wekiliýetine rektor Tan Çžişuw ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alyşmagyň we iki ýurduň lukmançylyk ylymlarynyň mümkinçiliklerini birleşdirmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň netijesi hökmünde Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek baradaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu resminama iki döwletiň saglygy goraýyş edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer. Dabara Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary we degişli hünärmenler hem gatnaşdylar.
Dörediljek täze merkez diňe bir bejeriş edarasy bolman, eýsem ylmy-barlag we bilim merkezi hökmünde hem hyzmat eder. Onda adaty usullar bilen döwrebap lukmançylygyň gazananlaryny utgaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa geljekki lukmanlar üçin täze bilimleri özleşdirmäge we halkara tejribesini öwrenmäge giň şertleri döreder.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bu başlangyç lukmançylyk ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik taýdan möhüm ugrudyr. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi ilatyň saglygyny berkitmekde goşmaça mümkinçilikleri açar. Taraplar gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde amaly işleri ýakyn wagtda başlamagy meýilleşdirýärler.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.