Oýun sanawy


BSGG Türkmenistana sanjymlaryň howpsuzlyk ulgamlaryny berkitmäge goldaw berdi
27 Mart. 16:052026-njy ýylyň 24–27-nji marty aralygynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa regional býurosynyň Immunizasiýa we sanjym arkaly dolandyrylýan ýokanç keseller maksatnamasynyň tehniki hünärmeni doktor Oleg Beneş Türkmenistanda iş saparynda boldy. Bu saparyň esasy maksady sanjymlaryň howpsuzlyk ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça milli tagallalary goldamakdan we bu ugurda halkara ülňülerini ornaşdyrmakdan ybarat boldy.
Saparyň ilkinji günlerinde BSGG-niň bilermeni Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet sanitar-epidemiologiýa gullugynyň hünärmenleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etdi. Duşuşyklaryň çäginde immunizasiýadan soňky ýüze çykyp biljek islenilmeýän ýagdaýlara (NPPY) gözegçilik etmegiň milli ulgamy seljerildi. Şeýle-de, BSGG-niň NPPY gözegçiligini güýçlendirmek boýunça gollanmalaryny ulanmak we monitoring işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin toplumlaýyn iş meýilnamasy işlenip düzüldi.
Şeýle hem, farmakogözegçilik we BSGG-niň Derman serişdeleriniň halkara monitoringi maksatnamasy (PIDM) boýunça onlaýn okuw maslahaty geçirildi. BSGG-niň ştab-kwartirasynyň hünärmeni doktor Aýako Fukuşimanyň gatnaşmagynda "akylly" farmakogözegçilik boýunça global strategiýa tanyşdyryldy. Bu okuwda ýurtlaryň dermanlaryň we sanjymlaryň howpsuzlygy baradaky maglumatlary özara alyşmaga mümkinçilik berýän global ulgama agza bolmagynyň artykmaçlyklary barada giňişleýin durlup geçildi.
Saparyň jemleýji günlerinde doktor Beneş Milli immunizasiýa maksatnamasynyň hünärmenleri üçin ýörite okuw maslahatlaryny geçirdi. 27-nji martda bolsa, Türkmenistanyň BSGG-niň Derman serişdeleriniň we sanjymlaryň halkara monitoringi boýunça global maksatnamasyna assosirlenen agza hökmünde goşulmagy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu hyzmatdaşlyk ýurtda ilatyň sanjymlara bolan ynamyny ýokarlandyrmaga we milli saglygy goraýyş howpsuzlygyny has-da berkitmäge hyzmat eder.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.