Oýun sanawy


Türkmenistan Russiýadan derman serişdelerini satyn alýan esasy ýurtlaryň biri boldy
07 Aprel. 11:39Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrliginiň maglumatlaryna görä, Türkmenistan rus derman senagatynyň önümlerini iň köp satyn alýan ýurtlaryň hataryna girdi. Russiýanyň senagat we söwda ministri Anton Alihanowyň «TASS» agentligine beren maglumatyna görä, derman serişdeleriniň eksporty ýurduň ykdysady syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda Russiýanyň farmasewtika önümleri dünýäniň 150-den gowrak döwletine ugradylýar we türkmen bazary bu ugurda möhüm orun eýeleýär.
Rus dermanlarynyň esasy alyjylarynyň sanawynda Türkmenistan bilen bir hatarda Gazagystan, Belarus, Özbegistan, Türkiýe we Alžir ýaly ýurtlar bar. Anton Alihanow daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň has köp gyzyklanma bildirýän önümleriniň hatarynda waksinalary, antibiotikleri, nootrop we immun durnuklaşdyryjy serişdeleri, şeýle hem insulinleri we täze nesil dermanlaryny görkezdi. Bu görkezijiler rus derman öndürijileriniň halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleri hödürleýändigini subut edýär.
Geçen ýylyň dowamynda Russiýanyň derman eksporty 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 30 göterimden gowrak artyp, 1,3 milliard amerikan dollaryna golaýlady. Eksportyň beýle okgunly ösmegi Türkmenistan ýaly strategik hyzmatdaşlar bilen guralan yzygiderli söwda gatnaşyklarynyň netijesidir. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy üçin rus dermanlarynyň satyn alynmagy derman üpjünçiliginiň durnuklylygyny we ilata berilýän lukmançylyk kömeginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Iki ýurduň arasyndaky bu hyzmatdaşlyk diňe bir söwda bilen çäklenmän, eýsem lukmançylyk ylmy we tejribe alyşmak ulgamynda hem täze mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň rus dermanlaryny satyn alýan esasy ýurtlaryň hataryna girmegi, ýurtda halkyň saglygyny goramak we derman gorlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen baýlaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli dowamydyr. Geljekde bu ugurdaky gatnaşyklaryň has-da giňelmegine garaşylýar.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.