Oýun sanawy

Lukmaçylyk ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramyna bagyşlanan dabara geçirildi

09 Okt. 13:20

Çeşme

9-njy oktýabrda “Iş nokady” koworking merkezinde 2025-nji ýylyň önümi bolan çaga iýmitiniň tanyşdyrylyşy we ýetip gelýän hünär baýramçylygy – Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk ýygnagy geçirildi.  Bu ýerde çaga lukmanlary  “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy tarapyndan öndürilen önümler, ýagny çaga ýaňy dünýä inen gününden berip bolýan çaga iýmitleriniň görnüşleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

 

Mälim bolşy ýaly, Sentýabr aýynda “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy tarapyndan öndürilýän çaga iýmiti Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen “WorldFood Moscow –  2025” halkara sergisinde ýeňiji boldy. Bu önüme resmi ýagdaýda “2025-nji ýylyň önümi” ady dakyldy we oňa altyn medal gowşuryldy.    

 

Biziň ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýaş nesilleriň, çagalaryň we enäniň saglygyny goramaklyk üçin uly aladalar edilýär. Şeýle ýokary hilli we elýeterlii, dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümleriň öndürilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.  

 

Bu ýygnak diňe bir lukmanlar üçin däl, eýsem çagajyklaryň saglygy, dogry iýmitlenmegi bilen gyzyklanýan ähli adamlar üçin hem diýseň wajypdyr. “Arkadag Med Cluster” biziň çagajyklarymyz üçin iň ýokary hilli we peýdaly çaga iýmitlerini öndürmek bilen halkymyzy begendirmegini dowam edýär. “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy tarapyndan hünär baýramçylyklary, ýagny Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli lukmanlara dürli sowgatlaryň gowşurylmagy bolsa, maslahatyň ähmiýetini we dabarasyny has-da artdyrdy.

 

Goý, çagajyklarymyzyň jany sag bolsun! Ene-atalar bolsa olaryň parahat asmanyň astyndaky gülkülerine guwanyp ýaşasyn!

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌