Oýun sanawy


Türkmenistanda Täze ýyl mynasybetli Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyryldy
02 Ýan. 12:052026-njy ýylyň ilkinji gününde Türkmenistanda Täze ýyl baýramy mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabaralary geçirildi. Bu çäreler Arkadag şäheriniň Baş baýdak meýdançasynda, şeýle hem ýurduň ähli welaýatlarynda dabaraly ýagdaýda guraldy.
Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan şygary bilen garşy alnan Täze ýyl asylly däbe öwrülen baýdak galdyrmak dabaralary bilen başlandy. Bu dabaralar watandaşlaryň ruhubelentligini, döwlet nyşanlaryna bolan hormaty we milli bitewüligi aýdyň görkezdi.
Baýramçylyk pursatlarynda dürli reňkli howa şarlarynyň asmana uçurylmagy, joşgunly aýdym-sazlar we dabaraly çykyşlar Türkmenistanyň asuda, bagtyýar durmuşyny şöhlelendirdi. Dabaralara gatnaşanlaryň şatlykly ruhy aýdym-sazlar bilen sazlaşyp, baýramçylyk keýpini has-da belende çykardy.
Täze ýyl arçalarynyň ýanynda geçirilen çäreler aýratyn şowhunly boldy. Aýazbaba we Garpamyk çagalar bilen bilelikde aýdym aýdyp, tans etdiler. Çagalaryň şatlygy we joşgunly çykyşlary dabaralara türkmen toýlaryna mahsus baýramçylyk öwüşginini berip, Täze ýyly Türkmenistanda ýatdan çykmajak waka öwürdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.
Şeýle hem okanyň