Oýun sanawy


Dünýä belli iran-şwed aýdymçysy Arash Aşgabat şäherinde geçiriljek konsertiniň Türkmenistanyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin aýratyn täsirli boljakdygyny mälim etdi. Türkmenistanyň resmi halkara maglumat serişdeleri arkaly ýaýradylan wideo ýüzlenmede artist bu çykyşyna uly taýýarlyk görendigini aýtdy.
Arashyň bellemegine görä, Türkmenistandaky konsert janly saz, doly topar bilen çykyş we ýokary ruhubelentlik bilen tapawutlanar. Ol diňleýjileriň köpüsine tanyş bolan, ýatlamalar bilen baglanyşykly aýdymlaryň ýerine ýetiriljekdigini nygtady.
Aýdymçy Aşgabat sahnasynda «Gündogar ertekileri», Boro Boro we Pure Love ýaly dünýä derejesinde meşhur bolan eserlerini ýerine ýetirjekdigini tassyklady. Bu aýdymlar köp ýyllardan bäri Türkmenistanda hem uly söýgi bilen diňlenýär.
Arash Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna aýratyn minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine çakylygy we mähirli garşy alnyşy üçin sag bolsun aýtdy. Ol Türkmenistanda bolýandygyna begenýändigini we tomaşaçylar bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi.
Konsert 27-nji dekabrda Aşgabadyň Gyşky sport görnüşleri toplumynda geçiriler we Türkmenistanyň paýtagtynda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasyndaky konsert hepdeligine badalga berer. Ozal habar berlişi ýaly, bu baýramçylyk günlerinde Türkmenistanda MOT we Semicenk hem çykyş eder.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň