Oýun sanawy


Türkmenistanyň sanly söwda giňişliginde möhüm ädim ädildi: 2026-njy ýylyň martynda ýurtda resmi işine başlan Ozon platformasy eltip bermek hyzmatynyň gerimini giňeltdi. 3-nji aprelden başlap, bu meşhur platformanyň hyzmatlaryndan diňe bir paýtagtyň däl, eýsem ähli welaýatlaryň ýaşaýjylary hem peýdalanyp bilýärler. Bu täzelik ýurdumyzyň islendik nokadynda ýaşaýan raýatlar üçin dünýä belli brendleriň harytlaryna elýeterliligi üpjün edýär.
Logistika ulgamynyň kämilleşdirilmegi «Türkmenpoçta» döwletaralyk kärhanasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesidir. Indi sargyt edilen harytlary ýurduň ähli künjeklerinde ýerleşýän poçta bölümlerinden alyp bolýar. Platformada hödürlenýän elektronika, moda dünýäsiniň täzelikleri we öý üçin zerur önümleriň müňlerçesi ulanyjylara amatly şertlerde hödürlenýär. Bu bolsa ýurdumyzda elektron söwdanyň medeniýetiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Harytlaryň tölegi häzirki zaman bank tehnologiýalary arkaly amala aşyrylýar. Ulanyjylar öz sargytlaryny Türkmenistanyň ygtyýarly banklarynyň kartlary bilen onlaýn görnüşde töläp bilerler. Onlaýn töleg hyzmatynyň işjeň bolmagy sargytlaryň howpsuzlygyny we tizligini kepillendirýär. Bank amallary we onlaýn söwdanyň düzgünleri barada zerur bolan ähli maglumatlar ulanyjylar üçin açyk we düşnükli görnüşde hödürlenýär.
Müşderilere goldaw bermek maksady bilen, «Türkmenpoçta» tarapyndan ýörite 075 belgili maglumat gullugy döredildi. Bank kartlaryny resmileşdirmek ýa-da hyzmatdan peýdalanmak boýunça soragy bolan raýatlar bu belgä jaň edip, hünärmenleriň maslahatyny alyp bilerler. Sargytlary alyp boljak nokatlaryň sanawy we beýleki täzelikler ozon.tm saýtynda yzygiderli täzelenip durulýar, bu bolsa hyzmatyň halk köpçüligi üçin elýeterli bolmagyny üpjün edýär.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.