Oýun sanawy

Döwlet haryt-çig mal biržasynda hepdelik söwdalaryň netijeleri jemlendi

06 Aprel. 05:14

Çeşme

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň meýdançasynda dürli görnüşli harytlary ýerlemek boýunça jemi 26 sany geleşik hasaba alyndy. Söwdalaryň dowamynda energetika serişdeleri, ýeňil senagat önümleri we oba hojalyk harytlary işewürleriň üns merkezinde boldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen baglaşylan eksport şertnamalarynyň umumy gymmaty 4 million ABŞ dollaryndan geçdi.

Eksport geleşikleriniň agramly bölegini nebit we himiýa önümleri düzdi. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň we Özbegistanyň işewür toparlary «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen binýatlyk ýagy hem-de polipropileni satyn aldylar. Bu önümler sebitiň energetika bazarynda uly islegden peýdalanmagyny dowam edýär.

Dokma we azyk senagaty pudaklarynda hem işjeňlik göze çarpyp, daşary ýurt bazarlaryna uly möçberde haryt ugradyldy. Türkiýäniň, Serbiýanyň we BAE-niň telekeçileri nah ýüplükleri, bugdaý ununy, buýan köküniň ekstraktyny we taýýar dokma önümlerini satyn aldylar. Bu bolsa ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň diňe bir çig mal däl, eýsem taýýar önümler hasabyna hem artýandygyny görkezýär.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler tarapyndan jemi bahasy 124 million 806 müň manatdan gowrak bolan önümler satyn alyndy. Bu geleşikleriň hatarynda «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň öndüren polipropilen we tehniki kükürt önümleri, şeýle hem ýerli azyk we dokma harytlary bar. Satyn alnan serişdeler ýurduň senagat kärhanalarynyň önümçilik işini üpjün etmäge gönükdiriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi

Bugün 08:31

Çeşme

Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.

Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.

Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌