Oýun sanawy


Hytaýa her ýylda iberilýän gazyň möçberini 65 milliard kub metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär
21 Mart. 12:27Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan giň göwremli özgertmeler halkara hyzmatdaşlygyň täze belentliklere göterilmegine şert döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça her ýylda iberilýän gazyň möçberini 65 milliard kub metre çenli artdyrmagyň meýilleşdirilýändigini mälim etdi. Bu strategik başlangyç iki ýurduň uzak möhletleýin bähbitlerine we sebitiň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Ýangyç-energetika pudagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň özeni bolup durýar. Iki ýurduň hökümetleriniň arasynda 2006-njy ýylda gol çekilen Baş ylalaşyk esasynda 2009-njy ýylyň dekabrynda taryhy gaz geçiriji ulanmaga berlipdi. Şol wagtdan bäri Türkmenistan Hytaýa durnukly ýagdaýda tebigy gaz üpjünçiligini amala aşyryp gelýär. 2026-njy ýylyň 1-nji martyna çenli bolan maglumatlara görä, bu turba geçirijisi arkaly Hytaý Halk Respublikasyna iberilen gazyň umumy möçberi 460 milliard kub metre golaýlady.
Häzirki wagtda dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» känini özleşdirmek boýunça Hytaýyň «CNPC» kompaniýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Milli Liderimiziň bellemegine görä, bu taslamanyň çäklerinde her ýylda goşmaça 10 milliard kub metr tebigy gazy ibermek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazaryndaky ornuny has-da pugtalandyrmaga we eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam eder.
Bu ugurdaky işleriň hukuk binýadyny berkidilmegine hem uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisinde bu strategik taslamanyň durmuşa geçirilmegine itergi berýän degişli resminama gol çekdi. Şeýlelikde, Türkmenistan we Hytaý diňe bir energetika däl, eýsem ählumumy ykdysady ösüşiň bähbidine hyzmat edýän uzak möhletleýin we ygtybarly hyzmatdaşlygy dowam etdirýärler.
Şeýle hem okanyň


Özbegistanda latyn ýazuwyna esaslanýan özbek elipbiýiniň täzelenen we kämilleşdirilen görnüşi tassyklanyldy
Bugün 10:24Özbegistanyň Prezidenti latyn elipbiýine esaslanýan özbek ýazuwynyň täzelenen görnüşini tassyklamak hakyndaky möhüm kanuna gol çekdi. Resmi resminama 2027-nji ýylyň 22-nji aprelinde doly güýje girer. Elipbiýniň täze nusgasy 28 sany harpdan we apostrof belgiden ybarat bolup, ozalky ýazuwda giňden ulanylan käbir harp birleşmelerini aýratyn harplar bilen çalşyrmagy göz öňünde tutýar. Netijede, häzirki wagtda ulanylýan «Sh» harp birleşmesi «Ş», «Ch» — «Ç», «Oʻ» — «Ö», al «Gʻ» bolsa «Ğ» görnüşinde ýazylar, şeýle hem «Ng» birleşmesi elipbiýiň aýratyn birligi hökmünde aýrylar.
Täze kanunyň kabul edilmegi bilen baglylykda, Özbegistanyň Ministrler Kabineti ýakynda täzelenen latyn elipbiýine geçmek boýunça ýörite döwlet maksatnamasyny tassyklamalydyr. Bu maksatnama täze ýazuw düzgünleriniň ýurduň dürli pudaklarnda, şol sanda neşirýatda, maglumat ulgamlarynda we dolandyryş edaralarynda haýsy möhletlerde ornaşdyryljagyny anyk kesgitlər. Kanun güýje giren gününden başlap, ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, döwlet edaralary we resmi edaralar resminamalary täze bitewi düzgünler esasynda ýöretmäge borçly bolarlar.
Şeýle hem täze elipbiýe geçiş döwründe ýüze çykyp biljek kynçylyklaryň öňüni almak üçin ýeňillikler göz öňünde tutuldy: 2027-nji ýylyň 22-nji apreline çenli öňki elipbiýde çap edilen resminamalar, pul birlikleri we gymmatly kagyzlar öz güýjüni doly saklar. Döwlet edaralarynyň öňki nyşanlaryny, binalardaky ýazgylary we ýol görkezijilerini bolsa olar fiziki taýdan könelýänçä ýa-da hökümet maksatnamasynda görkezilen möhletlere çenli ulanmaga rugsat berler. Mundan başga-da, täze düzgünlere laýyklykda taýýarlanan mekdep okuw kitaplaryny 2031-nji ýyla çenli çap edip tamamlamak meýilleşdirilýär.