Oýun sanawy

Aşgabatda serginiň ikinji güni: halkara maýa goýum forumy geçirildi

18 Mart. 15:02

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli sergi dowam edýär. Bu gün onuň eýýäm ikinji güni bolup, hususy pudagyň gazananlaryny görkezýän möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.

 

Sergi dürli pudaklary — senagatdan oba hojalygyna, sanly tehnologiýalardan ulag-logistika ulgamyna çenli ugurlary öz içine alýar. Gatnaşyjylar içerki we daşary bazarlara gönükdirilen ýokary hilli önümlerini tanyşdyrýarlar.

 

Serginiň ikinji gününde «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirildi. Ol döwlet edaralarynyň, işewürleriň hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda tejribe alyşmak we täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmak üçin möhüm meýdança boldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌