Oýun sanawy

Dubaý Altyn Köçe Döretmegi meýilleşdirýär

30 Ýan. 14:30

Çeşme

Şu gün mälim boldy, Dubaý häkimiýetleri altyn bilen bezelen köçe gurmak taslamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar, diýip Euronews habar berýär.

Altynyň nähili ulanyljakdygy takyk aýdylmasa-da, bu taslama şäheriň täze brendi Dubai Gold District (“Dubaýyň altyn etraby”) bilen baglanyşykly bolar. Bu sebitde altyn şaý-sepleri satýan müňlerçe söwda nokady birleşdirilýär. Köçäniň açyljak wagty häzirlikçe mälim däl.

«Altyn Dubaýyň medeni we işewürlik durmuşynda çuňňur orun alýar. Ol biziň mirasymyzy, rowaçlygymyzy we telekeçilik ruhumyzy alamatlandyrýar. Bu ähmiýetli ýeri döretmek bilen, biz diňe geçmişi nygtap kalman, eýsem täze döwür üçin aýratyn dizaýn döredýär

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌