Oýun sanawy


Ispaniýanyň Toledo prowinsiýasyndaky Eskalona galasynda uly weýrançylyk ýüze çykdy. Orta asyrlara degişli bolan bu taryhy toplumyň girelgesindäki diň duýulmazdan opurylyp düşdi. Polisiýanyň we ýerli häkimiýetleriň berýän maglumatyna görä, waka ir bilen bolandygy sebäpli adam pidalaryndan gutulmak başartdy. Emma desga golaýda duran awtoulaglara uly zeper ýetdi.
Taryhy ýadygärlik häzirki wagtda syýahatçylar üçin doly ýapyldy. Hünärmenler toplumyň beýleki binalarynyň durnuklylygyny barlap, ýykylmagyň takyk sebäplerini anyklaýarlar. Eskalona galasy sebitiň iň esasy taryhy binalarynyň biri hasaplanyp, bu waka Ispaniýanyň medeni mirasyna ýetirilen uly ýitgi hökmünde baha berilýär.
Bu waka soňky wagtlarda Ýewropadaky taryhy we tebigy ýadygärlikleriň ýitmegi bilen bagly ilkinji waka däl. Ýakynda Italiýanyň kenaryndaky meşhur «Aşyk-magşuklaryň binasy» diýlip tanalýan gaýa hem güýçli tupanlar sebäpli weýran bolupdy. Şeýle ýagdaýlar köne binalaryň goragyny güýçlendirmegiň möhümdigini ýene bir gezek subut edýär.
Häzirki wagtda galany dikeltmek ýa-da konserwasiýa etmek boýunça ýörite toparlar işe girişdi. Arheologlar we inženerler weýrançylygyň gerimine baha berenden soň, indiki ädimler kesgitleniler. Bu taryhy desga köp asyrlaryň dowamynda özüniň üýtgeşik binagärlik gurluşy bilen tapawutlanyp gelýärdi.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.