Oýun sanawy


Türkmen okuwçylary halkara ekologiýa bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler
08 Maý. 07:482026-njy ýylyň mart aýynda geçirilen ekologiýa boýunça halkara internet olimpiadasynda türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň altyşysy diplomlara mynasyp boldy. Russiýa Federasiýasynyň Tolýatti döwlet uniwersitetiniň Inženerçilik we ekologiýa howpsuzlygy instituty tarapyndan guralan bu bäsleşik umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirildi. Ýurdumyzyň dürli sebitlerine wekilçilik edýän ýaşlar özleriniň daşky gurşawy goramak baradaky bilimleriniň ýokarydygyny subut etdiler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça XII synp okuwçylarynyň arasynda Nurana Döwletgeldiýewa (Garabekewül etrabynyň 16-njy mekdebi), Göwher Myradowa (Aşgabadyň 49-njy ýöriteleşdirilen mekdebi) we Şyhmyrat Myradow (Aşgabadyň 89-njy ýöriteleşdirilen mekdebi) II derejeli diplomlar bilen sylaglandylar. Şeýle hem paýtagtymyzyň 6-njy ýöriteleşdirilen mekdebinden Sylapberdi Ataýew, Garagum etrabynyň 17-nji mekdebinden Ejebaý Saryýewa we Şabat etrabynyň 45-nji mekdebinden Guli Azizbekowa dagy ýokary netijeleri görkezip, diplomlara mynasyp boldular.
Halkara internet bäsleşigi ekologiya howpsuzlygynyň meselelerini çözmekde ýaşlaryň innowasion çemeleşmelerini ösdürmäge şert döretdi. Türkmen okuwçylarynyň görkezen netijeleri ýurdumyzda häzirki zaman bilim tehnologiýalarynyň we tebigaty goramak boýunça halkara ülňüleriniň okuw maksatnamalaryna üstünlikli ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Bu üstünlik ýaş nesliň daşky gurşawa bolan jogapkärli garaýşynyň ýene-de bir subutnamasyna öwrüldi.
Mekdep okuwçylarynyň gazanan bu abraýly diplomlary olaryň geljekki ylmy we hünär ýollarynda möhüm orun tutar. Döwlet derejesinde zehinli ýaşlara berilýän yzygiderli goldawlar netijesinde, türkmen ýaşlary halkara ylym-bilim giňişliginde öz ornuny has-da berkidýärler. Halkara olimpiadada gazanylan ýeňiş ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesindäki bäsleşige ukyplylygynyň aýdyň görkezijisidir.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.