Oýun sanawy
18-nji sentýabrda Duşenbedäki Dushanbe Expo merkezinde DITE-2025 halkara syýahatçylyk sergisi açyldy. Bu çäre halkara syýahatçylyk maýa goýum forumynyň çäklerinde geçirilýär.
Türkmenistandan Eşretli Syýahat, Hazar Ugry, Aşgabat Syýahat, Jahankeşde we Halkara Syýahat ýaly kompaniýalar gatnaşyp, ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini, medeni mirasyny we täze syýahat hyzmatlaryny görkezýärler.
Sergä 20 ýurtdan 200-e golaý kompaniýa gatnaşýar. Olaryň arasynda Täjigistan, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Russiýa, Türkiýe, BAE, Saud Arabystany, ABŞ we beýleki ýurtlar bar. Gatnaşyjylar hökmünde syýahatçylyk agentlikleri, awiakompaniýalar, myhmanhanalar, saglyk merkezleri we sowgatlyk önümleri öndürijiler çykyş edýär.
Sergi syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, tejribe alyşmaga we täze iş gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik döredýär.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen
Şeýle hem okanyň