Oýun sanawy


Balkan welaýatynyň ilatyny we önümçilik desgalaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde Merkezi Garagumda, Uzboýyň hanasynda ýerleşýän ýerasty Ýasga köli strategik ähmiýete eýedir. Bu täsin tebigy suw howdany özüniň gidrologik gurluşy boýunça dünýäde seýrek duş gelýän desgalaryň biri bolup, ol bir wagtda hem süýji, hem-de duzly suw gatlaklaryny saklaýar. Häzirki wagtda bu ýerde amala aşyrylýan toplumlaýyn işler sebitiň suw howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň hünärmenleri tarapyndan Ýasga şäherçesinde suwy çykarmagyň innowasion «goşa guýy» usuly üstünlikli ulanylýar. Bu usul bir wagtda dürli guýulardan süýji we duzly suwy sorup almaga mümkinçilik berýär. Bu diňe bir tygşytlylyk däl, eýsem ýerasty suw gatlaklarynyň tebigy deňagramlylygyny saklamak üçin hem zerurdyr. Çykarylan süýji suw ilat üçin agyz suwy hökmünde ugradylsa, duzly suw nebitgaz pudagynyň tehniki zerurlyklary üçin peýdalanylýar.
Suwuň hili we arassalygy döwrebap barlaghanalarda yzygiderli gözegçilikde saklanýar. Bereket etrabyndan Balkanabada çenli uzalyp gidýän 120,6 kilometrlik Ýasga – Balkanabat magistral suw geçirijisi arkaly akdyrylýan suw, ugradylmazdan öň iki tapgyrlaýyn süzgüçlerden geçirilýär. 7 müň kub metrden gowrak umumy sygymlygy bolan suw howdanlary bolsa welaýat merkeziniň we onuň töweregindäki ilatly nokatlaryň durnukly suw üpjünçiligini kepillendirýär.
Bu çylşyrymly ulgamyň bökdençsiz işlemegini ýurduň iň köne we tejribeli kärhanalarynyň biri bolan «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň suw üpjünçiligi müdirligi üpjün edýär. Inžener-tehniki işgärleriň we operatorlaryň gije-gündizleýin gözegçiligi netijesinde, Ýasga kölüniň täsin serişdeleri Günbatar Türkmenistanyň ykdysady ösüşine we ekologiki durnuklylygyna uly goşant goşýar.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.