Oýun sanawy


Türkmenistanyň administratiw kanunçylygyndaky täze üýtgetmeler: jogapkärçilik güýçlendirilýär
01 Maý. 06:222026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine girizilen düýpli üýtgetmeler we goşmaçalar güýje girdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen bu täze kanunçylyk namalary jemgyýetçilik tertibini saklamak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we raýatlaryň hukuklaryny goramak ugrunda täze tapgyry başlady. Üýtgetmeler ýol hereketiniň düzgünlerinden başlap, mahabat we migrasiýa kadalaryna çenli köp sanly ugurlary öz içine alýar.
Täze düzgünlere laýyklykda, 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň temmäki önümlerini ulanmagy üçin ene-atalaryň jogapkärçiligi bellenildi. Indi çagasy çilim çeken ýagdaýynda, ene-atalar binýatlyk mukdaryň iki essesine çenli jerime tölemeli bolarlar. Şeýle hem Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny girew hökmünde goýmak we kabul etmek gadagan edildi. Bu düzgüni bozan şahslara we edaralara ep-esli möçberde pul jerimeleri salnar, öňki bar bolan diňe duýduryş bermek tejribesi bolsa ýatyryldy.
Ulag dolandyrmak we saglygy goraýyş ulgamlarynda hem jerimeler ep-esli ýokarlandyryldy. Serhoş ýagdaýda ulag süren ýa-da sürüjilik şahadatnamasy bolmazdan ulag dolandyran şahslara garşy görülýän çäreler güýçlendirildi. Hususy lukmançylyk işi bilen ygtyýarnamasiz meşgullanýanlara bolsa, raýatyň saglygyna zyýan ýeten-ýetmedigine garamazdan, administratiw tussaglyga çenli ýetýän temmi çäreleri bellenildi. Bu ädimler ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Mundan başga-da, sanly ulgam arkaly ýalan mahabat ýaýradan şahslar we kompaniýalar üçin uly möçberli jerimeler girizildi. Bu üýtgetmeler sarp edijileriň hukuklarynyň goragyny güýçlendirer. Migrasiýa ulgamynda bolsa daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak işleri dolulygyna elektron görnüşe geçirilip, hasaba durmagyň tertibi has anyklaşdyryldy. Ähli bu özgermeler ýurduň hukuk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kanunçylygyň berjaý edilmegini üpjün etmek maksadyny daşaýar.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.