Oýun sanawy


Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Bakuw şäherinde Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň guraýan nobatdaky surat sergisi we sylag gowşurylyş dabarasy uly dabaranyň şaýady boldy. Bu medeni çäräniň çäginde zehinli türkmen suratkeşi Amanmyrat Modyýew türki halklaryň medeni gymmatlyklaryny sungat arkaly wagyz etmäge goşan goşandy üçin akademiýanyň medaly bilen sylaglandy. Sylagy gowşuryş dabarasy dürli ýurtlardan gelen görnükli sungat wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Amanmyrat Modyýew häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaşlara bilim berýän tejribeli mugallymdyr. Ol modern sungatynyň täzeçil akymlary bilen gyzyklanyp, halkara derejesinde tanalýan nakgaşlaryň biridir. Suratkeş ozal hem Gazagystanda geçirilen halkara bäsleşiklerde we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginde uly ýeňişleri gazanypdy.
Bakuwdaky sergi 2026-njy ýylyň 13 — 17-nji marty aralygynda Türki dünýäsiniň surat galereýasynda sungat söýüjiler üçin açyk boldy. Dabarada TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewe hem akademiýanyň altyn medaly gowşuryldy. Bu çäre türki dilli halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde we milli sungaty dünýä ýaýmakda möhüm ädim boldy.
Suratkeşiň bu üstünligi türkmen taslama sungatynyň we milli mekdebiniň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Onuň döredijiligi özüniň täsin çeperçilik dili we milli öwüşginleri bilen halkara hünärmenleriň ünsüni çekmegi dowam edýär.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.