Oýun sanawy

Halkara birža söwdalarynda geleşikleriň netijeliligi has-da ýokarlanýar

18 Maý. 16:37

Çeşme

Ýurduň esasy söwda meýdançasynda geçirilen nobatdaky hepdelik söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurtly we ýerli işewürleriň gatnaşmagynda onlarça şertnama baglaşyldy. Hasabata alnan täze geleşikleriň umumy maliýe gymmaty 13 million 66 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Söwda seanslarynyň dowamynda jemi 19 sany iri ykdysady şertnama resmi taýdan hasaba alyndy.

Daşary ýurt pulundaky şertnamalaryň agramly bölegi sebit we Ýer şarynyň beýleki künjeklerinden, şol sanda Birleşen Arap Emirliklerinden, Özbegistandan we Owganystandan gelen maýadarlaryň paýyna düşdi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar esasan ýurduň uglewodorod we himiýa senagatynyň kärhanalarynda taýýarlanylan ýokary hilli harytlary, hususan-da, suwuklandyrylan gazy we kükürtden arassalanan ýangyç önümlerini satyn almaga uly gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle-de, Gonkongyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň telekeçilik düzümleri milli dokma ýeňil senagatynyň hem-de derman senagatynyň önümlerine maýa goýdular. Söwdalaşyklaryň netijesinde dürli görnüşli taýýar dokma önümleri, ýüplikler, nah matalar, çig ýüpek we dermanlyk buýan köküniň gury serişdeleri ýaly köp görnüşli harytlar eksport edilmek üçin şertnamalaşdyryldy.

Munuň bilen birwagtda, içerki bazarda hem ýerli telekeçileriň gatnaşmagynda gyzgalaňly söwdalar dowam etdi. Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleri milli pulda tehniki we binýatlyk ýaglary, azyklyk un we pagta ýagy ýaly strategik önümleri satyn aldylar. Ýerli pul birliginde amala aşyrylan şertnamalaryň umumy maliýe dolanyşygy 118 million 350 müň manat derejesine ýetdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌