Oýun sanawy


Windows 10 üçin iň soňky howpsuzlyk bilen bagly bolmadyk täzelenme çykdy
27 Sen. 07:08Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň sentýabrynda Windows 10 operasiýa ulgamynyň KB5066198 belgili täzelenmesini çykardy. Bu täzelenme howpsuzlyk bilen bagly bolman, diňe iki meseläni düzedýär.
Ilki bilen, öňki KB5065429 täzelenmesinden soň ýüze çykan SMBv1 protokoly bilen baglanyşykly näsazlyk düzedilýär. Ulanyjylar NetBIOS (NetBT) arkaly umumy faýl resurslaryna birikmekde kynçylyk çekýärdiler.
Ikinji mesele, Windows Autopilot arkaly Windows 10 22H2 wersiýasyny gurlanda ýüze çykypdy: kompýuter ilkinji gezek açylanda Enrolment Status Page (ESP) görkezilmeýärdi.
Täzelenmäni kompýuterňiziň Sazlamalar > Täzelenmeler we Howpsuzlyk > Windows Täzelenmeleri bölümi arkaly ýa-da Microsoft Update Catalog arkaly el bilen ýükläp bolýar.
Windows 10-nyň esasy goldawy 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda tamamlanar. Şondan soň, Microsoft hasaba alnan ulanyjylara bir ýyl tölegsiz howpsuzlyk täzelenmelerini hödürlär. Şeýle hem, 0patch ýaly üçünji tarap çözgütleri arkaly 5 ýyla çenli goşmaça gorag almak mümkinçiligi bolar.
Şeýle hem okanyň


NASA-nyň «Habbl» teleskopy älem «köpürjiginiň» içki gurluşyny surata düşürdi
09 Sen. 11:31NASA-nyň «Habbl» älem teleskopy Ýerden 160 müň ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän Uly Magellan Buludyndaky N44 dumanlygynyň täze suratyny aldy. Altynbalyk ýyldyzlar toparynda ýerleşýän bu dumanlygyň merkezinde 500 müň töweregi ýyldyz hem-de gaz we tozandan ybarat dykyz gabyk bilen gurşalan ägirt uly boşluk ýerleşýär. Alymlaryň bellemegine görä, bu boşluk güýçli ýyldyz ýelleriniň we täze ýyldyzlaryň partlamalarynyň täsiri astynda emele gelipdir.
Barlagçylar suratyň ýokarky sag tarapyndaky N44F kiçijik köpürjigine aýratyn üns berýärler. Onuň töwereginde özboluşly sütünlerden ybarat gurluşlar we şöhlelenme akymlary görünýär. Bu sebitde entek ömrüniň ilkinji tapgyrynda duran, wodorody geliý elementine öwrüp başlamadyk 30 müň töweregi örän ýaş ýyldyz ýüze çykaryldy.
Şeýle hem okanyň