Oýun sanawy
Türkmenistan Özbegistandan getirilýän harytlaryň möçberini $18 milliona golaý artdyrdy
23 Sen. 07:10Özbegistanyň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Türkmenistan goňşy ýurtdan edilýän importy 17,9 million ABŞ dollary möçberinde artdyrdy.
Hasabat döwründe iki ýurduň arasyndaky umumy söwda dolanyşygy 677,8 million ABŞ dollaryna deň boldy. Türkmenistanyň Özbegistana edýän eksportynyň möçberi 581,6 million dollar boldy.
Şol bir wagtyň özünde, Özbegistandan Türkmenistana getirilýän harytlar we hyzmatlaryň jemi bahasy 96,2 million dollar bolup, 2024-nji ýylyň degişli döwründäki 78,3 million dollarlyk görkezijiden ep-esli ýokary boldy.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Hytaýda geçirilen halkara forumyna gatnaşdylar
09 Sen. 10:34Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen «Migrasiýa gözegçiligi ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça kiçi foruma» gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyrdylar. Gullugyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, forumyň çäklerinde Lýanyan şäherinde Hytaýyň Migrasiýa işleri boýunça müdirliginiň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin yzygiderli duşuşyklaryň täsirini nygtadylar.
Duşuşykda migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, ileri tutulýan ugurlar hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň orny barada pikir alşyldy. Taraflar däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, geljekki bilelikdäki işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.
Şeýle hem okanyň