Oýun sanawy

Aşgabatda döwrebap şepagat uýasy mekdebi gurulýar — ADB $75 million maýa goýýar

27 Sen. 13:02

Çeşme

Aziýa ösüş banky (ADB) Türkmenistanda şepagat uýasy we enelik hyzmatlarynyň ösüşine gönükdirilen taslama üçin $75 million karz serişdesini we Aziýa-Tyhý Okean sebitiniň durnukly ösüşine goldaw berýän Ýapon gaznasyndan (JFPR) $2 million möçberinde grant serişdesini tassyklady. Bu barada bankyň resmi beýannamasynda habar berilýär.

Bu ADB tarapyndan ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçiriljek ilkinji taslama bolup, onuň maksady şepagat uýasy hünäriniň derejesini ýokarlandyrmak we ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligini giňeltmekdir.

Taslama laýyklykda, Aşgabatda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen, interaktiw okuw we tejribe otaglaryny öz içine alýan täze şepagat uýasy mekdebi gurular. Şeýle hem, desganyň düzümine eneler üçin howpsuz bölüm, talyp ýaşlar üçin umumy ýaşaýyş jaýy we sagdyn iýmitlenmäni wagyz edýän miweli bagçylyk girer.

Okuw maksatnamalary halkara ülňülerine laýyklykda täzelenip, täze okuw we lukmançylyk enjamlary satyn alynar. Şonuň bilen birlikde, mugallymlar we tejribeli şepagat uýalary üçin hünär derejesini ýokarlandyrýan okuwlar guralar.

Taslamanyň umumy bahasy $98 million bolup, onuň $23 milliony Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdiriler. Türkmenistandaky ADB-niň ýurt boýunça müdiri Artur Andrisýak bu başlangyjy bank bilen ýurt arasynda durnukly hyzmatdaşlygyň subutnamasy hökmünde häsiýetlendirdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy

Bugün 05:10

Çeşme

Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.

Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.

Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌