Oýun sanawy

Wise-premýer wezipesinde üýtgeşme: täze orunbasar bellenildi

14 Few. 05:52

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde täze ýolbaşçylyk çözgütleri kabul edildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, Baýramgül Motyýewna Orazdurdyýewa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Ol bu wezipä 2024-nji ýylyň iýul aýynda bellenilipdi.

Şeýle hem ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar syýasaty hem-de jemgyýetçilik ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasar wezipesine Batyr Meretdurdyýewiç Mämmedow bellenildi. Täze wezipä geçmegi sebäpli ol Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.