Oýun sanawy


Awazada Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 7-nji kosultatiw duşuşygyna taýýarlyk maslahatlaşyldy
05 Awgust. 13:52Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongress merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyga bagyşlanan çäre geçirildi.
TDH-niň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow forumy açyp, wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin ähli minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň häzirki duşuşygyna gatnaşandyklary üçin hoşallygyny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary bu formatdaky dialogyň netijeliligini görkezdi. Olar sebitleýin hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we ugrukdyrylyşy boýunça bitewi garaýyşlaryň kemala gelmegine, häzirki döwrüň we uzak möhletleýin geljegiň talaplaryna laýyklykda onuň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenmegine ýardam berýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.