Oýun sanawy

Ermenistanyň Prezidenti XV asyra degişli türkmen hanylarynyň Argawandaky kümmetine baryp gördi

23 Awgust. 05:45

Çeşme

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Ararat welaýatynyň Argawend obasynda ýerleşýän XV asyra degişli Garagoýunly türkmen hanylarynyň kümmetine baryp gördü. Bu barada Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Çärä Ermenistanyň bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasyan, Prezident diwanyň işgärleri, Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow we diplomatik wekilhananyň işgärleri gatnaşdylar.

Prezidente kümmediň taryhy ähmiýeti, arhitektura aýratynlyklary hem-de geçirilen abatlaýyş işleriniň tapgyrlary barada maglumat berildi.

Ilçi Aýazow türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm orny tutýandygyny belledi.

Şeýle hem, awgust aýynyň başynda iş sapary bilen Türkmenistana eden saparynyň çäginde, Prezident Haçaturýan Türkmenbaşy şäherindäki ermeni ybadathanasyna baryp gördi. 1905-nji ýylda bagyşlanan bu ybadathana sowet döwründe zeper ýetirilen bolsa-da, soňky ýyllarda türkmen tarapynyň ony gorap saklamaga we abadanlaşdyrmaga gönükdirilen tagallalary dowam edýär. Şeýle hem, türkmen häkimiýetleri bu ybadathananyň doly täzeden dikeldilmegine taýýardyklaryny mälim etdiler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌