Oýun sanawy


Dünýäniň iň baý 500 adamy bir günden 336 milliard dollar girdeji gazandy
17 Iýun. 09:55Bloomberg agentliginiň Milliarderler indeksine salgylanyp berýän habaryna görä, dünýäniň iň gurply 500 adasynyň bilelikdäki baýlygy bary-ýogy bir günüň — 15-nji iýunyň dowamynda 336 milliard amerikan dollary möçberinde artdy. Bu taryhy ösüşden soňra dünýäniň iň baý adamlarynyň jemi kapitaly 13,3 trillion dollara deň boldy. Sanawyň gürbüz öňdebaryjysy, dünýäniň ilkinji trillioneri Ilon Mask özüniň şahsy emlägini bir günde 10 göterim ulaldyp, 1,27 trillion dollara ýetirmegi başardy.
Halkara biržalaryndaky bu uly göterilişe ABŞ we Eýranyň arasynda strategik taýdan möhüm bolan Ormuz bogazyny açyk saklamak barada gazanan deslapky ylalaşygy sebäp boldy. Siyasi durnuklylygyň gelmegi bilen dünýäniň öňdebaryjy «Dow Jones», «Nasdaq» we «MSCI World» biržalarynda aksiýalaryň bahasy çalt ýokarlanyp, iň ýokary görkezijilere golaýlady.
Mundan başga-da, Maskyň baýlygynyň has-da artmagyna geçen hepdede «SpaceX» kompaniýasynyň öz paýnamalaryny biržada uly möçberde satuwa çykarmagy hem güýçli itergi berdi. Maýadarlaryň bu paýnamalary köpçülikleýin satyn almagy netijesinde «SpaceX»-iň umumy maýasy göni 20 göterim ýokary galdy.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.