Oýun sanawy


Russiýanyň paýtagtynda ýerleşýän meýle meşhur Riga demir ýol menzili hususy eýeçilige berilýär. Desga üçin bellenilen başlangyç naha 4 milliard rubldan gowrak möçberde kesgitlenildi. Bu çözgüt hökümet derejesinde tassyklanyp, häzirki wagtda açyk söwdalar arkaly satuwa taýýarlanyldy.
Satuwa çykarylan toplumyň düzümine iki sany uly bina we olaryň ýanaşyk ýerleri girýär. Baş bina 1901-nji ýylda özboluşly binagärlik usulynda gurlup, ol 4 müň inedördül metre golaý meýdany tutýar. Mundan başga-da, 1920-nji ýyllaryň ahyrynda gurlan goşmaça desga hem satuw sanawyna goşuldy.
Menziliň tutýan umumy ýer bölegi 13,5 müň inedördül metrden gowrak bolup, ol şäheriň möhüm nokatlarynyň birinde ýerleşýär. Taslamanyň amala aşyrylmagy taryhy binanyň geljekde haýsy maksatlar üçin ulanyljakdygy baradaky gyzyklanmalary artdyrýar. Söwdalaşyklaryň netijesinde täze eýesi anyklanylar.
Russiýanyň häkimiýetleri bu iri desgany hususylaşdyrmak baradaky teklibi şu ýylyň başynda kabul etdiler. Riga menzili diňe bir ulag merkezi bolman, eýsem, Moskwanyň binagärlik mirasynyň gymmatly bölegi hasaplanýar. Indi bu taryhy desga täze ösüş tapgyryna gadam basmaga taýýarlanýar.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.