Oýun sanawy


Ak tam halkara migrasiýa syýasatyny berkidip, gaçybatalga bermek düzgünini düýpli üýtgetdi
27 Iýun. 18:00Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dolandyryş edarasy ýurda gelýän daşary ýurt raýatlaryna halkara gaçybatalga hukuklaryny we gorag statuslaryny bermegi wagtlaýynça we doly duruzmak barada täze çäreleri yglan etdi. Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller tarapyndan guralan resmi metbugat brifinginde ABŞ-nyň serhet syýasatynda düýpli özgerişlikleriň başlanandygy mälim edildi. Bu çärelere degişli maglumatlar halkara habar serişdelerinde giňden neşir edildi.
Täze yglan edilen meýilnama laýyklykda, Ak tam gaçybatalga soraýan şahslaryň arzalaryna garamagy bes edip, olary kabul etmäge taýyn bolan beýleki üçünji ýurtlara ugratmagy maksat edinýär. Ýolbaşçy düzüm esasan Meksika bilen bolan günorta-günbatar döwlet serhedinde guralýan gözegçilik çärelerini has-da güýçlendirjekdiklerini aýtdy we serhetde guralýan gaçybatalga ýüztutmalarynyň esassyzdygyny ýene bir gezek nygtady.
Şeýle hem, Ak tamyň wekili häzirki wagtda ýurtda wagtlaýyn goralýan şahslaryň statusynda (TPS) gezip ýören Gaitiniň we Siriýanyň raýatlaryny meýletin ýagdaýda öz watanyna dolanmaga çagyrdy. Bu çäreler ABŞ-nyň Ýokary kazyýetiniň golaýda kabul eden resmi kararlary bilen doly tassyklanyldy. Kazyýet administrasiýa kanuny esasy bolmadyk müňlerçe daşary ýurtly raýaty öz ýurduna deportasiýa etmäge (yklymdyrmaga) kanuny hukuk berdi.
Mundan başga-da, Ýokary kazyýet taryhy karar kabul edip, Meksikanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň tä resmi serhet gözegçilik nokadyndan geçip, ABŞ-nyň çägine girmänçäler Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelen diýlip hasaplanmajakdygyny kesgitledi. Immigrasiýa we raýatlyk baradaky milli kanunçylyga girizilen bu täze düşündiriş netijesinde, ýurduň migrasiýa edaralary serhetden girmän daşarda duran raýatlaryň gaçybatalga arzalaryna seretmäge borçly edilmeýär.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.