Oýun sanawy


Italiýa kesellän öý haýwanlaryna ideg etmek üçin tölegli rugsat berýän ilkinji döwlet boldy
08 Aprel. 15:28Italiýa dünýäniň taryhynda öý haýwanlarynyň saglygy bilen baglylykda işgärlere tölegli dynç gününi berýän ilkinji ýurt hökmünde uly ädim ätdi. 2026-njy ýylyň martyndan başlap, bu ýurtda agyr ýagdaýdaky öý haýwanyna ideg etmek işden tölegli rugsat almak üçin resmi esas hökmünde kabul edildi. Bu karar Italiýanyň haýwanlaryň hukuklaryna we adamlaryň wepaly dostlaryna bolan jogapkärçiligine berýän ýokary bahasynyň subutnamasydyr.
Täze kanunçylyga laýyklykda, işgärler her ýyl 3 güne çenli tölegli rugsat almaga hukuk gazandylar. Şunlukda, haýwanyň eýesi weterinar lukmanyndan degişli resminamany görkezmelidir we haýwanyň gyssagly kömege mätäçdigini subut etmelidir. Şeýle hem, haýwanyň (it ýa-da pişik) hökmany suratda döwlet tarapyndan hasaba alnan bolmagy we ýörite mikroçip bilen üpjün edilmegi esasy şertleriň biri bolup durýar.
Bu taryhy kararyň düýbi 2017-nji ýylda «Kuçolanyň işi» diýlip atlandyrylan kazyýet karary bilen tutuldy. Şonda Rim uniwersitetiniň işgäri kesellän itine ideg etmek üçin tölegli rugsat almaga hukuk gazanypdy. Kazyýet öz kararynda Italiýanyň Jenaýat kodeksiniň 727-nji maddasyna salgylanyp, haýwany ejir çekýän ýagdaýynda taşlap gitmegiň jenaýatdygyny nygtady. Şunlukda, öý haýwanyna ideg etmek zähmet kanunçylygynda «maşgala sebäbi» hökmünde ykrar edildi.
Dünýädäki haýwanlary goramak baradaky guramalar Italiýanyň bu başlangyjyny gyzgyn goldadylar. Hünärmenleriň pikiriçe, bu düzgün haýwan eýelerini kyn saýlaw öňünde goýman, olaryň işine we haýwanlarynyň saglygyna deň derejede üns bermeklerine şert döredýär. Täze düzgün Italiýanyň zähmet hukuklary we haýwanlaryň abadançylygy ulgamyndaky nusgalyk tejribesini bütin dünýä aýan edýär.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.