Oýun sanawy


Türkiýe Respublikasynyň günorta sebitlerinde möwsümiň iň ýokary gyzgynlygy bellenilýär. Türk meteorology Ihsan Ýurtdaşyň maglumatlaryna salgylanýan «РИА Новости» gullugynyň habar bermegine görä, Adana şäherinde howanyň derejesi 50 gradus yssydan geçip biler.
Hünärmenler bu görkezijiniň häzirki tomusky möwsümdäki iň ýokary sepgitleriň biri boljakdygyny belleýärler. Şu sebäpli sinoptikler ýerli ýaşaýjylara we sebitdäki syýahatçylara gündizki sagatlarda açyk howada bolunanda aýratyn seresaplylygy berjaý etmegi maslahat berýärler.
Howanyň iň garşylykly hem-de gyzgyn wagty günüň ikinji ýarymyndan tä agşama çenli bolan aralyga düşýär. Ýokary temperaturanyň ýokary çyglylyk bilen utgaşmagy adam bedenine amala аşyrylýan agramy artdyryp, saglyga olumsuz täsirini ýetirip biler.
Şeýle аşyry gyzgyn günlerde lukmanlar hem-de hünärmenler ilata mümkin boldugyça kölegeli ýerlerde bolmagy, köpräk suwuklyk sarp etmegi we agyr fiziki zähmetden gaça durmagy maslahat berýärler.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.